Ýapon roboty Erika filmde baş keşbi janlandyrar

  • 25.06.2020 22:31
  • 3.9k+

Emeli intellektli ýapon roboty Erika “B” ylmy-fantastik filminde baş keşbi janlandyrar. Bu barada “Hollywood Reporter” habar berýär.
Filmiň döredilmegi üçin 70 million amerikan dollary möçberinde pul goýberildi. Film 2021-nji ýylyň tomsunda Ýewropada surata düşürilip başlanar.
Filmde adam DNK-synyň gowulaşmagyndan soň, alym munuň haýryndan zyýanynyň has köp boljakdygyna düşünýär. Şonuň üçin hem ol robot Erikanyň gizlin barlaghanadan gaçmagyna ýardam bermegi niýetine düwýär.
Robot Erika ýapon alymlary Hiroşi Işiguro we Kokhei Ogawa tarapyndan döredilen androiddir. Ol daşky keşbi boýunça 23 ýaşly gyza meňzeýär. Onuň janly mimikasy we silikon derisi bar. Mundan başga-da, robot adamlaryň duýgularyny kesgitlemelegi başarýar.
Ondan öň Erika habarlary alyp baryjy bolup işleýärdi.

şu gün 11:08
1.2k+

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
546

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
3k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...

düýn 19:39
5k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...