ByteDance kompaniýasynyň girdejisi 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 130% ýokarlandy

  • 24.06.2020 23:43
  • 4k+

TikTok internet tory degişli bolan ByteDance hytaý kompaniýasynyň girdejisi şu ýylyň birinji çärýeginde 40 mlrd ýuan töweregine ($5,6 mlrd) barabar boldy, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär. Agentligiň gürrüňdeşleriniň biriniň bellemegine görä, kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 130% ýokarlandy. Başga bir çeşme ByteDance kompaniýasynyň 2020-nji ýyl boýunça, takmynan, 200 mlrd ýuan ($28 milliarddan gowrak) gazanmakçy bolýandygyny nygtaýar.
Şonuň bilen birlikde, Reuters agentliginiň maglumatlary boýunça, girdejiniň uly bölegini TikTok däl-de, kompaniýanyň Hytaýda meşhur bolan serwislerindäki mahabatlary getirýär, meselem, meşhur programmanyň ýerli meňzeşi bolup çykyş edýän Douyin wideoklipler platformasyndaky mahabatlar. Soňky hasaplamalara laýyklykda, TikTok toruny ulanyjylaryň sany 700 mln adamdan geçýär, bu internet torundan, takmyn, 150 ýurduň ýaşaýjylary peýdalanýar.

şu gün 16:06
147

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

şu gün 16:00
120

20,6 mln tomaşaçy toplan «Ýelloustonyň» spin-offy derrew 2-nji möwsüme uzadyldy

CBS teleýaýlymy «Marşallar» atly dramatik serialynyň premýerasyndan bary-ýogy 12 gün geçensoň, ony ikinji möwsüme uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Bu karar taslamanyň rekord derejedäki ýokary reýtingleriniň esasynda alyndy...

şu gün 15:33
350

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek döwlete dahylsyz pudagyň sergisine gatnaşýar. 2025-nji ýylda döredilen bu ýokary okuw mekdebi sergidäki diwarlygynda ýaş telekeçileriň geljegi uly taslamalaryny we uniwersitetiň gazanan üstünliklerini myhmanlara tanyşdyrýar...

şu gün 15:28
441

Alymlar 500 ýyllyk ýadygärlikde adaty göze ilmeýän geň şekilleri tapdylar

«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...