Kazan uniwersitetinde koronawirusa garşy sanjymlary barlagdan geçirip başladylar

  • 24.06.2020 23:03
  • 6k+

Kazan federal uniwersitetinde (KFU) DNK-tehnologiýasynyň esasynda taýýarlanylan COVID-19-a garşy sanjymlary haýwanlarda barlagdan geçirip başladylar. Bu barada KFU-nyň ýokary derejeli anyk we dikeldiji medisinasynyň ylmy-kliniki merkeziniň müdiri Albert Rizwanow habar berdi.
Alymyň aýtmagyna görä, taýýarlanylýan DNK-sanjymda koronawirusyň beloklaryny kodlaýan birbada birnäçe genler saklanýar. Serişde öýjüge goýberilende, ol ony gaýtadan programmalaşdyrýar. Şeýlelik bilen, wirusyň özi däl-de, öýjük aýratyn beloklary döredýär. Organizm olary anyklaýar we antibedenjikleriň döredilmegini işjeňleşdirýär.
Geljek iki aýda barlagçylar bu sanjymlaryň barlaghana haýwanlarynda netijeliligi boýunça ilkinji maglumatlary almaga ynam bildirýärler. Eger-de haýwanlaryň ganynda antibedenjikleriň bardygy ýüze çykarylsa, onda barlaghana işiniň netijeliligi tassyklanylar.
IA REGNUM-yň öň habar bermegine görä, KFU-da “DNK-nyň ylmy-barlag merkezi” awtonom söwda däl guramasy bilen bilelikde koronawirus infeksiýasyna antibedenjikleriň barlygyny ýüze çykarmak üçin test-zolak (test-ulgam) döretmek boýunça barlaghana şertlerinde eksperiment geçirmek üçin taslama işe girizildi. Ýöne bu test ulgamy hem beýleki IFA (Immunoferment analizi) usuly bilen geçirilýän barlaglar ýaly PUR (Polimeraz utgaşykly reaksiýa) usuly bilen geçirilýän barlaglardan tapawutlylykda, COVID-19 häzirki keseli anyklamak üçin niýetlenilen däl. Olar diňe antibedenjikleriň bardygyny görkezýärler, olar bolsa syrkaw adamyň hem, wirus infeksiýasy bilen kesellän, ýöne eýýäm gutulan adamyň hem ganynda bolup bilýär.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......