Türkmen harbylary Moskwadaky dabaraly Ýeňiş ýörişinden geçdiler

  • 24.06.2020 16:10
  • 17k+

Şu gün — 24-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde 1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi. Ýeňiş ýörişine Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewyň ýolbaşçylygynda türkmen harbylary hem gatnaşdylar.
Turkmenportal agentliginiň habar berşi ýaly, iki sany “Gaz M20” Pobeda ulagynda türkmen harbylary Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we 206-njy pyýada goşun bölüminiň 748-nji pyýada polkunyň söweş baýdagyny göterip geçdiler. Şol söweş baýdagynyň astynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew söweşdi.
Ýörişe jemi 14 müňden gowrak harbylar gatnaşdy. Mundan başga-da, 234 sany taryhy we häzirki zaman ýerüsti harby tehnikalary, şeýle hem 75 sany uçar gatnaşdy. Türkmenistanyň harby wekillerinden başga-da, ýörişe Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň harbylary gatnaşdylar. Ýöriş 1 sagat 15 minut dowam etdi.
Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmenistanly esgerler ýokary derejede edermenlik, gahrymançylyk we Watana wepalylyk görkezdiler. Olardan 70 müňden gowragy hormatly atlar we medallar bilen sylaglandy. 104 sany türkmen raýaty «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen ýokary derejä eýe boldy, 15-si Şöhrat ordeniniň doly derejeli eýesi boldy. Müňlerçe watandaşymyz gazaply söweşlerde başlaryny goýdy. Türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna takmynan, 7,400 kilogram altyn we kümüş şaý-sepleri tabşyryp, ýokary ynsanperwerlik görkezdiler.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......