Daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar Western Unionyň üsti bilen halkara geçirimlerini alyp bilerler

  • 23.06.2020 01:01
  • 29k+

Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde ýurdumyza dolanyp bilmeýän watandaşlarymyza kömek bermegiň tertibi kesgitlenildi.
«Turkmenportal» agentliginiň habar bermegine görä, 22-nji iýundan başlap, Türkmenistanyň Merkezi banky DIM-niň Döwlet migrasiýa gullugy bile bilelikde tassyklan sanawyna laýyklykda, aýda 500 dollar konwertirlemäge hukugy bolan daşary ýurtlarda galan watandaşlarymyza “Western Union” arkaly halkara geçirimlere rugsat berildi.
Ýokarda agzalan geçirimler daşary ýurtlarda bilim alýanlara degişli däldir. Daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlar üçin geçirim operasiýalary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan halkara ýokary okuw mekdepleriniň sanawynyň esasynda fiziki şahslar üçin konwertasiýa etmegiň öň tassyklanan tertibine laýyklykda amala aşyrylar.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......