“Akylly sagatlary” saglyga gözegçilik ediji ulgama öwrerler

  • 21.06.2020 22:01
  • 3.2k+

Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri özboluşly ýukajyk plýonkany işläp taýýarladylar, onuň kömegi bilen geljekde “akylly sagatlary” saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ulgama öwürmek mümkin bolar. Bu barada pravda.ru habar berýär.
Ulgam adamyň bölünip çykýan deri arkaly himiki indikatorlary gözleýär we real wagt režiminde edil häzir adamyň organizminde nämeleriň bolup geçýändigi barada maglumat berýär. Plýonkanyň adamyň hamy bilen galtaşýan ýelmeşegen tarapy adamyň der damjasynyň himiki düzümini ýygnaýar we ony seljerýär. Sagada gönükdirilen beýleki tarapy bolsa kabul edilen himiki signallary elektrik signallaryna öwürýär. Olar hasaplanylýar, gaýtadan işlenilýär we “akylly” sagatlaryň ekranynda şöhlelendirilýär.
Häzirki günde akylly sagatlar eýýäm siziň näçeräk ýoly geçendigiňize, näçeräk ýatandygyňyza, siziň puls ýygylygyňyza gözegçilik etmäge kömek edýär. Täze modeller hatda arterial basyşy kontrollykda saklamagy hem wada berýärler. Smartfon ýa-da beýleki gurluşlar bilen baglanyşykda işläp, akylly sagatlary uzak wagtyň dowamynda saglyk görkezijilerini yzarlamak üçin hem ulanmak bolýar.
Ýöne häzirlikçe bu sagatlar siziň bedeniňiziň himiýasyny kontrollykda saklap bilmeýärler. Munuň üçin olara organizmiň suwuklygynda ýüze çykarylan biomarkerleriň molekulasyny yzarlamak gerek.
Hünärmenler topary hususy akylly sagatlary we ulgam bilen işleşmek üçin programmany döretdiler. Ýöne tehnologiýanyň awtorlary bu konsepsiýanyň birwagtlar akylly sagatlaryň belli modelleri üçin hem ulanylyp bilinjekdigini belleýärler.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......