Gurbanguly Berdimuhamedow kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

  • 20.06.2020 23:44
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, instruktor-kosmonawt, «Roskosmos» kosmos işi boýunça döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar otrýadynyň komandiri Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady we iň ýagşy arzuwlaryny iberdi.
«Biz Türkmenistanda watandaşymyzyň köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň kosmos giňişligini öwrenmeklige düýpli goşant goşup, ýaş nesilleri uly işlere ruhlandyrýandygyna aýratyn buýsanç bilen synlaýarys» diýip, döwlet Baştutany Oleg Kononowa berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, hünär işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.


27.04.2025 17:15
33k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly...

20.12.2023 13:14
39k+

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Başlygyna gynanç bildirdiler

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen...

17.12.2023 00:16
33k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf...

29.10.2023 09:06
46k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny...