BSGG koronawirus pandemiýasynyň täze howply döwri barada aýtdy

  • 20.06.2020 23:00
  • 13k+

Ýer ýüzi SARS-CoV-2 koronawirus pandemiýasynyň täze howply döwrüne girişdi, bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedro Adhanom Gebreýesus Ženewadaky brifingde mälim etdi. Bu barada TASS-a salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
Gebreýesus wirusyň uly tizlik bilen ýaýraýandygyny ýatlady: 18-nji iýunda gurama 150 müňden gowrak täze kesel ýagdaýy barada habar aldy. Olar, esasan, Demirgazyk we Günorta Amerika, şeýle-de Ýakyn Gündogara we Günorta Aziýa degişli.
“Köp adamlaryň öýde galmakdan ýadandygy baradaky fakt bu ýagdaýa düşünmäge çagyrýar. Ýurtlaryň hem öz jemgyýetini we ykdysadyýetini açmak islegine-de düşünmek bolýar” – diýip, BSGG-niň baş müdiri seresaplylyk çäreleriniň kömegi bilen hüşgär bolmaga we infeksiýa bilen göreşi dowam etdirmäge çagyrmak bilen belleýär.
BSGG-niň ýolbaşçysy wirusyň sanitar şertlerine we beýleki maddy nygmatlara elýeterliligi bolmadyk bosgunlara aýratyn howp salýandygyny ýatlap geçdi. Tedros Adhanom Gebreýesus ähli döwletleri seresaplylyk çärelerini berjaý etmäge, raýatlary bolsa koronawirus bilen kesellänlerinde öýde galmaga çagyrdy. Mundan başga-da, ähli ýurtlaryň hökümetleri, BSGG-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, COVID-19 üçin barlaglary geçirmegi, şeýle-de kesellileri üzňelikde saklamagy we bejermegi dowam etdirmeli. Jons Hopkinsiň uniwersitetiniň maglumatlary boýunça pandemiýa tutuş dünýä boýunça 8,5 million adama degdi. 454 müňden gowrak adam COVID-19 täze görnüşli koronawirus bilen bagly ýüze çykan sebäpler zerarly ýogaldy.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......