Türkmenistanda ýerli ilatyň arasynda СOVID-19-yň ýokuşan halatlary ýok

  • 20.06.2020 10:14
  • 28k+

19-njy iýunda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň çäginde täze görnüşli koronawirusyň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreleri beýan edýän «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça dördünji brifing geçirildi. Türkmenistanda geçirilýän utgaşykly işiň netijeliligini ýerli ilatyň arasynda СOVID-19-yň ýokuşan halatlarynyň ýokdugy tassyklaýar.
Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä birnäçe döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edaralary, hususan-da, Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy tarapyndan öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär, möwsümleýin kesellere gözegçilik amala aşyrylýar. Serhet-geçiriş nokatlarynyň ählisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça şeýle terminallar goňşy ýurtlaryň çäginde hem döredilýär.
Saglygy goraýyş edaralarynda şahsy goranyş serişdelerini ulanmak, degişli raýatlar bilen işlenende, howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça türgenleşik we tejribe okuwlary geçirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde maý-iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň epidemiologlary, reanimatologlary, ýokanç keselleri bejerýän lukmanlary üçin okuwlar geçirildi. Ilatyň arasynda wirusly keselleriň öňüni almak boýunça arassaçylyk-düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär, ýörite maglumat-bilim serişdeleri işlenip taýýarlanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, beýleki döwletleriň isleg bildirýän raýatlarynyň ählisi – Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara agentlikleriniň işgärleri üçin köpçülikleýin öňüni alyş lukmançylyk gözegçiligi guralýar.
Öz nobatynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň baştutany Paulina Karwowska Türkmenistanyň Hökümetine koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara goşandy hem-de döwletimiz tarapyndan öňümizdäki aýyň başynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Bilermenler wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guralmagy babatda hemmetaraplaýyn ýardam üçin hoşallyk bildirdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd öz çykyşlarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň saglygyny goramak ulgamyndaky strategiýasyna hem-de türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreşmekde giň ugurlar boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyna ýokary baha berdiler.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......