Türkmenistanda arheologik barlaglaryň ýazky möwsümi tamamlandy

  • 20.06.2020 10:01
  • 3.1k+

Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowa golaýda tamamlanan arheologik barlaglarynyň ýazky möwsüminiň jemleri barada hasabat berildi.
Geçen möwsümde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň çägindäki orta asyr Abiwerd galasynda işler dowam etdirildi.
Şähristany emele getirýän gala diwarlarynyň içinde barlag işleri geçirildi we hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üsti açyldy.
Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň beýleki bir sebitinde, Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma metjidiniň peçtagyny rejelemek işleri tamamlandy.
Şeýle hem Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi.
Şol döwürde Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň 2-nji tapgyry tamamlandy.
Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda arheologik gözleg işleri dowam etdirildi. 
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp barylýar.
Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1397 bolan bolsa, häzir olaryň sany 1422-ä ýetdi.

şu gün 14:39
43

Tebigatda geçirilen birnäçe minut hem beýniniň ýagdaýyny üýtgedýär

Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi...

şu gün 11:08
2.3k+

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
576

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
3.1k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...