Şazada Çarlz gutulandan soňky koronawirusyň netijeleri barada aýtdy

  • 18.06.2020 22:24
  • 7.7k+

71 ýaşly Uels şazadasy Çarlz koronawirus infeksiýasyny başdan geçirdi. Ol koronawirusdan gutulanyndan soň ys alyş we tagam duýgularynyň doly derejede dikelmändigini aýtdy, bu barada “Independent” gazeti ýazýar, muny rns.online ýetirýär.
16-njy iýunda Çarlz Glosterşir şa hassahanasyna bardy we ol ýerde hassahananyň işgärleri bilen gürleşdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ol gutulandygyna garamazdan, ys we tagam duýmaýandygyny aýtdy.
“Ol özüniň şahsy tejribesi barada aýtdy... Ol özüniň ys alyş we tagam biliş duýgularyny ýitirendigi we häzir bularyň özünde bardygyny duýýandygy barada aýtdy” – diýip, duşuşyga gatnaşan hassahananyň işgärleriniň biri belleýär.
Professor Karl Filpot gazet bilen söhbetdeşlikde wirus ýokanjy bilen kesellänleriň köpüsiniň şeýle ýagdaý bilen çaknyşýandygyny düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, burundaky reseptor öýjükler özleriniň nerw böleklerini ýitirýärler, şol sebäpden adam ysy kabul etmegi bes edýär.
Täze görnüşli koronawirusyň alamatlary şazada Çarlzda 22-nji martda peýda boldy. Ertesi gün şa maşgalasynyň agzasy bu kesel üçin barlagdan geçdi, ol 24-nji mart gijesi položitel netijäni berdi. Aýyň ahyryna çenli ol üzňelikde saklanyldy. Onda keseliň gowşak alamatlary bardy. Onuň aýalynyň analizi keseliň bardygyny görkezmedi. Martyň ahyrynda Çarlz gutuldy we üzňelikde saklanmakdan aýryldy. Bellenilip geçilişi ýaly, ol özüni gowy duýýar we hökümetiň maslahatlaryny berjaý edýär.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......