Pekin Hytaýyň beýleki bölekleri bilen ýolagçy aragatnaşyklaryny bes edýär

  • 18.06.2020 21:57
  • 5.9k+

Pekiniň hökümeti 19-njy iýundan Hytaýyň beýleki sebitleri bilen ýolagçy gatnawlarynyň ählisini bes edýär. Bu barada şäher hökümetiniň ýol-ulag boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Žun Szýun metbugat maslahatynda habar berdi, muny TASS-a salgylanmak bilen kommersant.ru ýetirýär. Munuň sebäbi täze koronawirus ýagdaýy boldy.
Bu çäreler awtobus aragatnaşyklaryna degişli. Hytaý çinownigi koronawirus ýaýrawynyň esasynda “ýolagçy akymynyň ep-esli kemelendigini” hem habar berdi. Bu sebitleriň arasynda syýahatçylyk awtobuslarynyň hereketine bolan dowam edýän çäklendirmeler bilen hem bagly. Ol ýolagçylaryň satyn alnan petekler üçin puly yzyna alyp biljekdiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.
Geçen hepdede Pekinde koronawirus bilen kesellemäniň ojagy – “Sinfadi” iri lomaý bazary ýüze çykaryldy. Şäheriň hassahanalarynda häzir 159 adam bar. Bir hepdäniň içinde häkimiýetler her günde 30 töweregi täze kesel ýagdaýyny bellige alýarlar. Pekinde bu ýagdaýa garşy jogap gaýtarmanyň ýokary derejesi girizildi. Şondan bäri şäherde adamlaryň hereketine hem bölekleýin çäklendirmeler girizildi: epidemiologik howpy ortaça we ýokary derejeli bolan etraplaryň ýaşaýjylaryna şäherden çykmak gadagan edildi.
Paýtagt bilen Hytaýyň beýleki sebitleriniň arasynda howa we demir ýol aragatnaşyklarynyň çäklendirilmesi barada heniz habar berlenok. Muňa garamazdan, epidemik ýagdaýyň agyrlygy sebäpli ýurduň iki sany halkara aeroporty Şoudu bilen Dasin eýýäm birnäçe gün bäri içki gatnawlaryň bir bölegini ýatyrýar. Ýagny, olar 1,5 müň awiagatnawlaryň ýatyrylýandygy barada habar berdiler.
Pandemiýa döwründe paýtagtda 752 keselli hasaba alyndy. 584 adam sagaldy, 9-sy ýogaldy. Tutuş Hytaýda 84,4 müňden gowrak keselli ýüze çykaryldy, 79 müňden gowragy sagaldy, 4,6 müňden gowragy ýogaldy.

16.03.2026 19:31
4.3k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

16.03.2026 16:46
7.3k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

15.03.2026 16:30
7.6k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar...

12.03.2026 23:40
12k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...