Türkmenistandan 70 sany harby wekil Moskwadaky dabaraly harby ýörişe gatnaşar

  • 17.06.2020 22:55
  • 12k+

Dünýäniň 13 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan harby wekiller 24-nji iýunda Moskwadaky Gyzyl meýdançada geçiriljek 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşarlar. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat gullugyna salgylanyp, CentralAsia.news habar berýär. Beýik Ýeňşiň ýubileý senesi üçin geçirilýän dabaraly harby ýörişe Türkmenistandan 70 harby wekilden başga-da, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan we Özbegistandan harby işgärler gatnaşar. Olaryň köpüsi 15-nji iýunda Alabinodaky dabaraly meýdançada geçirilen okuw sapagyna gatnaşdy.
Dabaraly harby ýöriş 24-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlar. Bu barada harby ýörişiň serkerdesi goşun generaly Oleg Salýukow habar berýär.
Baýramçylyk ýörişine 13 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagyna garaşylýar, 234 sany ýerüsti harby enjamlar gatnaşar. Bu taryhy taýdan alanyňda, örän uly görkezijidir.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ozal epidemiologik ýagdaý bilen baglanyşykly Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişi yza süýşüripdi.
Beýik Ýeňiş mynasybetli ilkinji dabaraly harby ýöriş 1945-nji ýylyň 24-nji iýunda Gyzyl meýdançada geçirilipdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......