Moskwada temperatura 1892-nji ýylyň rekordyny täzeledi

  • 17.06.2020 22:35
  • 10k+

Moskwada temperatura 17-nji iýunda 31,4 gradusa ýetdi, bu bolsa bir asyr mundan öňdäki goýlan rekorddan 0,6 gradus ýokarydyr. Şol gün temperatura 30,8 gradusa çenli ýokarlanypdy, bu barada Gidrometeorologiýa merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand habar berýär, muny ria.ru ýetirýär.
“1892-nji ýylda, ýagny Aleksandr III döwründe goýlan temperatura rekordy täzelendi we 0,6 gradus bilen üsti ýetirildi – 31,4 gradus Moskwada Rosgidromet stansiýasynda bellige alyndy. Bu soňky çäk däl, temperaturanyň heniz ýene ýokarlanmagy mümkin, ýöne rekord eýýäm peseldi” – diýip, Wilfand aýdýar. Rosgidromet ýagdaýlaýyn merkeziniň başlygy Ýuriý Warakin 17-nji iýunda täzelenen rekordyň bu senä ýakyn bolan günlerde bellige alnan iň pes görkeziji bolandygyny belledi. “17-nji iýun iň yssy gün boldy diýmek gerek däl, sebäbi bu ýerde iň gowşak rekord. 16-njy iýun üçin rekord 32 gradus diýeli, soňky günler has hem ýokary rekorda garaşylýar” – diýip, Warakin belleýär. Öň, yssy howa Moskwada hepdäniň ahyryna çenli saklanylar diýlip habar berildi.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......