Beýik Britaniýada koronawirusa garşy sanjymy adamlarda synagdan geçirip başlaýarlar

  • 17.06.2020 22:28
  • 7.4k+

Beýik Britaniýada Londonyň imperiýa kolleji koronawirusa garşy taýýarlanylan sanjymy adamlarda synagdan geçirmäge başlar. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanmak bilen monavista.ru habar berýär.
COVID-19-a garşy täze sanjymy taýýarlamaklyga we synagdan geçirmeklige 41 million funt (51 million dollar) bölünip aýryldy. Synaga 18-den 70 ýaş aralygynda jemi 300 meýletinçi gatnaşar. Olaryň ählisi geljek hepdelerde iki doza sanjymy alarlar. Adaty sanjymlar ulanylan ýagdaýynda, adatça, wirusyň özüniň gowşak ýa-da şekili üýtgän formasyny ulanýarlar, ýöne täze serişde bilen bagly ýagdaýda hemme zat başgaça bolup geçýär.
Bu maddany taýýarlamakda wirusyň genetiki materialynyň esasyndaky genetik koduň sintetik sapagy (RNK) peýdalanyldy. Organizmiň hususy öýjükleri myşsa sanjym goýberilenden soň COVID-19-daky ýiti uçly belogyň nusgasyny döretmek üçin görkezme kabul edýärler. Bularyň ählisi organizmiň islendik koronawirus infeksiýasy bilen göreşmegi üçin immun jogabyny ýüze çykarmaly.
Eger-de immun jogaby oňyn bolsa, synaglaryň indiki tapgyry 6 000 meýletinçiden ybarat bolan toparda işe giriziler.
Häzirki wagtda sanjyma 12 töweregi dalaşgär barlagdan geçirmegiň irki tapgyrynda ýerleşýär. Olaryň işlejekdigine kepil ýok, ýöne hünärmenler olaryň bir bölegi häzirki ýylyň ahyryna çenli taýýar bolar diýip umyt edýärler. Mundan öň Imperial College London tarapyndan taýýarlanylan sanjyma dalaşgär diňe haýwanlarda synagdan üstünlikli geçirildi. Barlagyň dowamynda sanjymyň howpsuzdygy we netijeli immun jogabyna eýedigi subut edildi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......