“Oskar-2021” dabarasy apreliň ahyryna geçirildi

  • 16.06.2020 22:12
  • 2.1k+

Kinematografiýa sungatynyň we ylymlaryň Amerikan akademiýasy “Oskar-2021” baýragynyň gowşurylyş dabarasy boýunça netijä geldi. Ol adaty formatda “Dolbi” teatrynyň meýdançasynda geçer, ýöne öň meýilleşdirilişi ýaly 28-nji fewralda däl-de, 25-nji aprelde geçer. Bu barada kinoafisha.info habar berýär. Dalaşgärler 15-nji martda belli bolar.
“Onlarça ýylyň dowamynda kino ruhlandyrmak, göwnüňi açmak we iň kyn pursatlary başdan geçirmäge kömek etmek bilen, biziň durmuşymyzda möhüm roly oýnady. Biz “Oskar” üçin arzalary kabul etmek döwrüniň uzaldylmagynyň kinematografiýaçylara özleriniň gözegçilikde saklap bilmejek wakalaryň netijelerini özlerinde duýman, filmlerini tamamlamaga we olary kinoteatrlarda görkezmäge kömek eder diýip umyt edýäris” – diýip, Akademiýanyň prezidenti Dewid Rubin we ýerine ýetiriji müdir Doun Hadson özleriniň beýannamasynda belleýärler.
Şeýle-de, aprelde kinoakademiýa Los-Anjelesde ilkinji myhmanlaryny 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul etmeli bolan Kinematograf muzeýini açmagy meýilleşdirýär.
“Oskaryň” täze düzgünlerine laýyklykda, uzyn-sanawa dalaş edýän filmler 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2021-nji ýylyň 28-nji fewral aralygy çykarylmaly. Koronawirus pandemiýasy köp sanly kartinalaryň prokatyny tas ýarym ýyl saklady, şonuň üçin şeýle çäreler baýraga dalaş etmäge isleg bildirýänlere öz taslamalarynyň relizi üçin täze seneleri tapmaga kömek eder. Şeýle-de, bu ýylda saýlap alynma uly ekranlarda görkezilmeli bolan, ýöne COVID-19 sebäpli onlaýna geçmeli bolan kartinalar hem gatnaşyp bilýär. Umumy kategoriýalara gatnaşmak möhleti 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli.
“Oskar-2021” taryhda süýşürilen dördünji dabara bolar. Birinji gezek bu ýagdaý Los-Anjelesdäki güýçli suw joşguny sebäpli bolup geçdi, 1968-nji ýylda dabara Martin Lýuter Kingiň (kiçi) öldürilmegi sebäpli soňa goýuldy, 1981-nji ýylda prezident Ronald Reýgana kast edilme sebäpli süýşürildi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....