Germaniýa döwlet serhedindäki ähli çäklendirmeleri aradan aýyrdy

  • 14.06.2020 23:11
  • 5.9k+

Duşenbe gününden başlap, germaniýa döwlet serhedindäki ähli çäklendirmeleri ýatyrýar — raýatlar pandemiýadan öňki döwürdäki ýaly, indi hiç hili päsgelçiliksiz serhetden geçip bilerler. Degişli karary ýurduň hökümeti kabul etdi, diýip Trend agentligi habar berýär.
GFR 17-nji martdan daşary ýurtlara saparlara çäklendirme girizipdi. Şol wagtda bäri döwlet serhedinden federal polisiýanyň 6 müňden gowrak işgäri nobatçylyk etdi. soňky üç aýyň içinde 200 müňe golaý adam GFR-iň çägine salynmady, diýip içeri işler ministri Horst Zeehofer belleýär. Maý aýynyň ortalaryndan başlap, serhet gözegçiligi düzgüni az-kem ýeňilledildi, indi bolsa bu düzgün asla ýatyryldy.
Şeýle hem Ýewropanyň 29 sany döwletine (ÝB-niň we Şengeniň agzalary) syýahat etmek howpy boýunça duýduryş hem aýryldy. Bu hili çözgüdi ýurduň hökümeti gansy hem bolsa bir ýurtdaky ýagdaý öz raýatlary üçin howp salyp biljek bolanda kabul edýär. Bu düzgüniň ýatyrylmagy yzygiderli uçuşlaryň dikeldilmegini aňladýar.
Şol bir wagtda Ýewropanyň çäginden daşardaky 160-dan gowrak döwlete gitmeklik boýunça çäklendirmeler 31-nji awgusta çenli saklanýar. Bu diýildigi, Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň dynç alyşlaryny Afrika, Aziýa, Amerika döwletlerinde geçirip bilmez diýmekligi aňladýar. Sentýabr aýyna çenli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýyň kadalaşyşyna görä, çäklendirmeler aýrylyp bilner.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......