Iň gowy film üçin “Oskara” dalaşgärleriň sany üýtgedildi

  • 14.06.2020 22:33
  • 4.7k+

“Iň gowy film” kategoriýasynda “Oskar” kinobaýragyna dalaşgärleriň sany hemişelik ediler. Düzgün 94-nji baýrak gowşurylyş dabarasyndan başlap güýje girer, “Iň gowy film” kategoriýasynda baýrak üçin on dalaşgär göreşer, bu barada Amerikan kinoakademiýasynyň saýtynda habar berilýär, muny diletant.media ýetirýär.
Täze düzgün girizilmezinden öň, “Oskar” üçin göreşde nominasiýa 10-dan köp bolmadyk kartina gatnaşýardy, ýöne kähalatlarda olaryň sany az hem bolýardy. Meselem, 2019-njy ýylda kategoriýa sekiz dalaşgär girizildi, 2018-nji we 2020-nji ýyllarda olaryň sany dokuz boldy.
Üýtgeşme filmleri saýlamaklyga degişli düzgüne hem girizildi. Indi kinoakademiýa öz agzalaryna “Oskara” gatnaşmaga dalaş edýän kartinalary onlaýn görkezer. Tomaşa tutuş bir ýyl dowam eder. Şeýle etmek bilen “ähli mynasyp filmlere tomaşa etmek mümkinçiligini üpjün etmek we mümkinçilikleri deňlemek” meselesi çözüler.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli “Oskara” dalaşgärleri saýlamaklyga birinji gezek kinoteatrlaryň ýapylmagy bilen onlaýnda görkezilen filmleri goşmak kararyna geldiler.
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň fewralynda “Oskar” baýragynyň 92-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Iň gowy film” kategoriýasynda Pon Çžun Ho režissýoryň “Parazitler” günorta koreý kartinasy ýeňiş gazandy. Bu esasy nominasiýada “Oskar” baýragyny alan ilkinji iňlis dilinde bolmadyk film.
Öň, Amerikan kinoakademiýasy “Oskar” baýragynyň 93-nji gowşurylyş dabarasyny koronawirus pandemiýasy sebäpli süýşürmek barada pikirlendi. Häzirki wagtda “Oskary” gowşurmak 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna meýilleşdirilen.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....