Özbegistan Türkmenistanyň serhediniň golaýynda erkin söwda zolagy döretmegi meýilleşdirýär

  • 14.06.2020 22:27
  • 12k+

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetleşýän Garagalpagystanyň Kungrad etrabynda erkin söwda zolagyny (ESZ) döretmekçi. Bu barada Özbegistanyň prezidentiniň karary ýörite portalda penşenbe güni ilata ýetirildi, diýip Biznes Türkmenistan habar berýär.
Özbegistan “Kungrad” ESZ-den başga-da, Gyrgyzystan bilen serhetde Andižan welaýatynyň Hojaabad etrabynda “Dustluk” erkin söwda zolagyny döretmegi meýilleşdirýär.
Resminamanyň taslamasyna görä, serhetara söwdany ýeňilleşdirmek, halkara we sebitleýin lomaý we bölek satuw söwdasynyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek, serhetýaka sebitlerde logistika hyzmatlarynyň giň toplumyny ösdürmek üçin erkin söwda zolaklary dörediler.
“Kungrad” we “Dustluk” ESZ-lerinde tölegsiz gümrük tertibi bolar. Zolaga getirilen harytlar Özbegistanyň gümrük çäginiň daşyndaky önümler hasaplanar.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary söwda zolaklarynda bäş gün wizasyz galyp bilerler.
ESZ-leriň işleýiş möhleti has-da uzaldylmak mümkinçiligi bilen 30 ýyllyk meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar emläk salgydyndan, ýer salgydyndan we suw salgydyndan boşadylar. Mikro firmalar we kärhanalar hem umumy salgytdan boşadylar. Resminama 2020-nji ýylyň 26-njy iýunyna çenli ilat tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar. Özbegistanyň prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Nawoýi sebitiniň ähli çägini erkin ykdysady zolaga (EYZ) öwürmek baradaky karara gol çekipdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......