W.Putin: «Russiýa koronawirus pandemiýasyndan ynamly çykýar»

  • 14.06.2020 18:23
  • 12k+

Russiýa minimal ýitgiler bilen ynamly ýagdaýda koronawirus pandemiýasyndan çykýar. Bu barada Russiýa Federasiýaynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär, diýip iz.ru habar berýär.
11-nji maýda kesel ýokary derejesine ýetdi, şondan soň Russiýa halas bolup başlady. Ýurtda koronawirusdan ýogalmanyň iň pes derejesi hasaba alynýar. Muny günbatar Ýewropa ýurtlaryndan tapawutlylykda, Russiýada taýýarlanmaga wagtyň bolandygy bilen düşündirýärler, ýagny sebitde keselliler üçin ýatalga gaznasy artdyryldy, enjamlar satyn alyndy, lukmanlara goşmaça töleg girizildi.
“Biz belli bir çykdajylar, meseleler, ýitgiler bilen, ýöne ýeterlik derejede kadaly işläp, koronawirus bilen bagly ýagdaýdan minimal ýitgiler bilen çykýandygymyz barada gürüň edýäris” – diýip, rus lideri “Moskwa. Kreml. Putin” programmasyna beren interwýusynda aýdýar.
Döwlet ýolbaşçysy şeýle ýagdaýyň dowamly boljakdygyna ynam bildirdi. “Belki Hudaý, bu ýagdaý şeýle dowam etdirsin!” – diýip, ol belleýär.
13-nji iýunda Russiýanyň wise-premýeri Tatýana Golikowa ýurduň 49 sebitiniň koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri aýyrýandygyny habar berdi. Ýöne 43 sebit heniz birinji tapgyrda ýerleşýär diýip, ol belledi.
6-njy iýunda operatiw ştab Russiýada we Moskwada koronawirus ýaýrawynyň görkezijisiniň degişlilikde, 0,97 we 0,81-e çenli peselendigi habar berildi. 4-nji iýunda Prezident Putin ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýyň gowulanýandygy we durnuklaşýandygy barada mälim etdi. Russiýanyň lideri çäklendirmelerden aňly-düşünjeli hereket edip, arkaýyn, “ýöne boldugyndan çalt” çykmaga çagyrdy.
Stopkoronawirus.rf portalynyň maglumatlary boýunça, häzirki günde Russiýada koronawirusyň 528 964 ýagdaýy hasaba alyndy, keseliň netijesinde ýogalan adamlaryň sany 6 948-e barabar boldy, 280 050 syrkaw sagaldy.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......