Germaniýada 13 müň ýyl “ýatan” wulkan oýanýar

  • 13.06.2020 23:07
  • 10k+

Amerikan alymlary ýurduň günbataryndaky etraplarda geologik hadysalara doly gözegçilik edýärler. Germaniýada 13 müň ýyl “ýatan” Aýfel wulkan belentligi soňky wagtlarda ýokary işjeňligi görkezip başlady, bu barada Newada we Kaliforniýa amerikan uniwersitetleriniň geologlary habar berýärler, muny interessant.ru ýetirýär.
Alymlaryň maglumatlary boýunça, ýerasty wulkanlaryň üstündäki ýer her ýyl, takmynan, bir millimetr ýokary galýar, bu kadaly ýagdaý. Ýöne Aýfel etrabynda oýanma örän çalt bolup geçýär. Wulkanyň ýerleşýän ýerindäki etrapda ýeriň astyndaky normadan çykýan hereketler magmanyň örän çalt ýokary galjakdygyny görkezýär.
Dogrusy, alymlar atylmanyň ýakyn wagtda boljakdygy baradaky pikiri doly tassyklap bilenoklar, ýöne olar geologik hadysalara gözegçiligi dowam etdirýärler.
Soňky gezek Aýfel nemes sebitinde wulkan 13 müň ýyl mundan öň atyldy. Onuň atylyşygyndan soň, häzirki Ýewropanyň ýerleşýän territoriýasynyň merkezinde uly “öli zona” döredi, bu bolsa gadymy taýpalaryň biri-biri bilen aragatnaşygynyň uzak wagtlaýyn kesilmegine getirdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......