ABŞ-nyň döwlet karzy $26 trilliondan geçmek bilen täze rekord goýdy

  • 12.06.2020 22:36
  • 6.8k+

ABŞ-nyň döwlet karzy çalt depginler bilen ýokarlanýar, ýagny aýda ortaça $1 trln. Bu býujet serişdelerini epidemiýadan zyýan çeken ykdysadyýeti goldamak üçin bölüp aýyrmagyň zerurlygy bilen baglylykda gelip çykýar. ABŞ-nyň maliýe ministriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň döwlet karzy täze taryhy rekordy goýdy we ol $26 trilliondan geçdi. Bu barada rbc.ru habar berýär.
9-njy iýunda ýurduň döwlet karzy $26,003 trilliona barabar boldy. US Debt Clock serwisiniň maglumatlary boýunça, soňky birnäçe günüň içinde ol ýene, takmynan, $4 mlrd ýokarlandy. Şeýlelik bilen, döwlet karzy ABŞ-nyň her bir raýatyna hasaplamada $79 müňe barabar bolýar.
Fox News telekanalynyň bellemegine görä, ABŞ-nyň döwlet karzy federal hökümetiň koronawirus epidemiýasy we onuň netijeleri bilen göreşe edýän çykdajylary sebäpli soňky aýlar çalt depginler bilen ösýär. ABŞ-nyň maliýe ministrliginiň maglumatlary boýunça, 7-nji aprelde döwlet karzy $24 trilliondan geçdi. Bir aýdan az wagtdan soň, ýagny 5-nji maýda ol eýýäm $25 trilliona ýetdi.
Býujet ýylynyň başlamagy bilen bir wagtda ABŞ-nyň býujet ýetmezçiligi $1,88 trilliona barabar boldy. Bu 2009-njy ýyldaky dünýä maliýe çökgünligi döwründe goýlan ýurduň býujet ýetmezçiliginiň rekordly ýyllyk görkezijisinden ($1,4 trln) hem ýokarydyr. Kongresiň býujet edarasynyň çaklamalary boýunça, 2020-nji ýylyň jemi boýunça býujet ýetmezçiligi $3,4 trilliona barabar bolar.
ABŞ-nyň döwlet karzynyň ösüşi we býujet ýetmezçiligi Ak öýüň kärhanalary we raýatlary goldamak üçin $2,2 trilliony bölüp aýyrmak baradaky çözgüdiniň esasynda döreýär. Puluň bir bölegi raýatlara göni tölemeklige gönükdirilen: $75 müňden az girdejili adamlar $1,2 müň möçberde çek alarlar, çagaly maşgalalar her bir çaga üçin $500-den alarlar. Serişdeleriň bir bölegi işinden çykanlara gönükdiriler. Mundan başga-da, kärhanalary we ykdysady pudaklary goldamak üçin birnäçe çäreler toplumy göz öňünde tutulan.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......