NASA: Jeýms Uebb kosmiki teleskopuny uçurmak işi näbelli möhlet bilen soňa goýuldy

  • 11.06.2020 22:41
  • 3.1k+

NASA-nyň ylmy edarasynyň ýolbaşçysy Jeýms Uebb kosmiki teleskopunyň 2021-nji ýylyň mart aýynda işe girizilmejekdigini tassyklady, çünki koronawirus pandemiýasy onuň üstünde alnyp barylýan işiň gowşamagyna getirdi. Bu barada astronews.ru habar berýär.
Milli akademiýalaryň kosmiki derňewleri boýunça geňeşiniň onlaýn-mejlisinde eden çykyşynda NASA-nyň ýolbaşçysynyň ylym boýunça orunbasary Tomas Zurbuhen JWST-niň üstünde alnyp barylýan işiň pandemiýa çenli birnäçe aý oňyn alnyp barlandygyny, ýöne mart aýyndan işiň gowşamagynyň missiýany öňki tertibinde saklamaga mümkinçilik bermändigini belledi.
“Biz ony martda uçurmarys” – diýip, ol aýdýar. Haçan-da NASA pandemiýa sebäpli martda öz merkezlerini ýapyp başlanynda, Günorta Koreýada Northrop Grumman obýektlerinde kosmiki telegrafyň integrasiýasynyň we synagynyň üstünde iş alyp baran işgär öýüne dolandy. NASA-nyň resmi adamlarynyň ol ýerde işleriň saklanyljakdygy barada başdaky teswirlerine garamazdan, ol ýerde işler dowam etdirildi, şol sanda 9-njy iýunda NASA teleskopuň nobatdaky synaglary barada hem habar berdi.
Ýaňy-ýakynda JWST-niň üstünde alnyp barylýan işleriň depginini dikeltmek boýunça hereket başlanyldy. Muňa garamazdan, NASA-nyň Goddard adyndaky kosmiki uçuşlar merkezinde JWST-niň uly ylmy işgäriniň orunbasary Jonatan Gardner geçen hepde taslamanyň 2021-nji ýylyň martynda işe girizilmek senesini süýşürmeli boljakdygyny aýtdy. “Biz eglenmeli bolýarys” – diýip, ol belleýär.
NASA heniz JWST-ni uçurmagyň täze senesini atlandyrmady. “Bize häzirki şertlerde işiň täze netijeliligini öwrenmek gerek. Biz tertibi gözden geçirmek arkaly kalibrlemeli we öňe tarap hereket etmeli” – diýip, Zurhuben aýdýar. Hasap tertibi, onuň aýtmagyna görä, iýula meýilleşdirilen.
Ol heniz hem JWST-niň 2021-nji ýylda Fransuz Gwianasyndan Ariane 5-de uçurylmagyna umyt bildirýär. “Men munuň badalga meýdançasyndan 2021-nji ýylda uçmagyna örän optimistik ýagdaýda taýýarlandym”.

düýn 20:58
4.9k+

Amerikaly alymlar 1993-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän aşa ýokary geçirijilik rekordyny täzelediler

Hýuston uniwersitetiniň barlagçylary gaty jisimleriň fizikasy ugrunda täze üstünlik gazanandyklaryny mälim etdiler. Alymlar atmosfera basyşynda we minus 122 gradus Selsiý temperaturada elektrik toguny ýitgisiz geçirmäge ukyply bolan aşa ýokary geçiriji material döretdiler...

düýn 16:47
744

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

düýn 16:06
2.6k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...

düýn 15:50
1.3k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...