Fransiýa aerokosmiki pudagy goldamak üçin 15 mlrd ýewro bölüp aýyrýar

  • 10.06.2020 23:00
  • 3.5k+

Fransiýanyň maliýe we ykdysady ministri Brýuno Le Mer COVID-19 pandemiýasy sebäpli agyr ýagdaýa düşen ýurduň aerokosmiki pudagyny goldamak üçin döwlet tarapyndan 15 mlrd ýewronyň bölünip aýrylýandygy barada habar berdi. Muny delovoe.tv ýetirýär.
“Bu senagat çökgünligiň nämedigini bilenokdy. 30 ýyl töweregi ol yzygider ösüşi görkezdi. Çökgünlik bu ösüşiň arasyny kesdi” – diýip, ministr belleýär. Ministriň öz twitterinde habar bermegine görä, senagaty halas etmek meýilnamasy üç bölekden ybarat: iş orunlaryny saklamak, ortaça kärhanalary goldamak, ykdysady ýitgini azaltmak. “Eger-de biz döwlet kömegini bermesek, onda ýylyň ahyryna çenli 100 müň iş ornuny ýitirip bileris” – diýip, ministr aýdýar. Ikinji bölüm serişdelerinden biznes peýdalanyp biler ýaly döwletiň gatnaşmagynda dürli fondlary döretmegi öz içine alýar. Şeýlelik bilen, iýun aýynda eýýäm iki fond dörediler. Olaryň birinjisini Fransiýanyň hökümeti Airbus, Safran, Dassault we Thales dört sany senagat ägirtleri bilen bilelikde döredýär.
Goldawa gönüden-göni Airbus SE Ýewropanyň reaktiw uçarlaryny we Safran SA hereketlendirijilerini öndürijiler, Thales SA gorag topary we kiçi göwrümli ýüzlerçe fransuz ýola goýujylary eýe bolar.
Belli bolşy ýaly, ykdysadyýetiň beýleki böleklerindäki ýaly awiasion sektorynda hem gysga möhletli iş shemalary we döwlet tarapyndan kepillendirilen karz eýýäm giňden ulanylýar. Air France kompaniýasy döwlet kömegi görnüşinde we döwlet tarapyndan kepillendirilen göni karz görnüşinde 7 mlrd ýewro aldy. Airbus uçarlaryň ýewropa öndürijisi özüniň önümçilik görkezijilerini, takmynan, 30% kemeltdi.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......