ABŞ ledokol flotuny gurmakçy bolýar

  • 10.06.2020 22:56
  • 4.1k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Arktika we Antarktika üçin ledokollaryň gurluşygy boýunça 60 günüň içinde meýilnama taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada döwlet ýolbaşçysynyň memorandumynda aýdylýar. Muny profile.ru ýetirýär. Memorandum Pentagona, Döwlet departamentine, söwda we içki howpsuzlyk ministrligine, şeýle-de prezidentiň administratiw-býujet edarasyna gönükdirildi. ABŞ-nyň ledokol floty azyndan agyr klasly üç gämiden ybarat bolar diýlip çaklanylýar.
“ABŞ biziň milli isleglerimizi Arktikada we Antarktikada goldajak polýar howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ledokol flotuny satyn almak meýilnamasyny işläp taýýarlar we amal eder” – diýlip, Trampyň onuň edarasynyň agzalaryna gönükdirilen memorandumynda aýdylýar.
ABŞ-nyň içki howpsuzlygy ministrine kenarýaka goragynyň komendanty we goranma ministri hem-de energetika ministri bilen PSC agyr klasly azyndan üç ledokoldan ybarat boljak polýar flotunyň ulanylyş bähbitlerini we töwekgelçiligini deňeşdirmek gerek. Ledokollaryň iň gowy şertlerde esaslandyrylmagy üçin Donald Tramp ABŞ-nyň territoriýasynda iki bazany we iki sany halkara bazany gözlemegi tabşyrdy. Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň hususy ledokol floty bolýança, şeýle gämileri beýleki ýurtlardan kärendesine almak mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda ABŞ-da ulanylyşa 1976-njy ýylda girizilen diňe bir agyr ledokol Polar Star we ulanylyşa 2000-nji ýylda girizilen bir ortaça ledokol Healy bar. Russiýada häzirki wagtda 40 ledokol, Finlýandiýada ýedi, Kanadanyň we Şwesiýanyň hersinde alty ledokol hasaba alynýar. 2019-njy ýylyň maýynda Donald Tramp Arktika bütin ýylyň dowamynda baryp biler ýaly amerikan flotunyň ledokollar bilen üstüni ýetirjekdigini habar berdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......