Hytaý koronawirusa garşy göreşde 150 ýurda kömek etdi

  • 09.06.2020 16:03
  • 9.9k+

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, “COVID-19 bilen göreş: Hytaý hereketde” diýen kitapda maý aýynyň ahyryndaky ýagdaý boýunça HHR-iň 27 döwlete medisina hünärmenleriniň 29 toparyny iberendigi we 150 ýurda hem-de dört sany halkara gurama kömek edendigi aýdylýar. Bu barada runews24.ru habar berýär.
Şeýle-de, Hytaý ýokanç kesel bilen göreşmek üçin 50 mln dollary BSGG-niň ygtyýaryna berdi. Indiwidual gorag serişdelerini satyn almakda we üpjünçilik boýunça ätiýaçdaky merkezleriň döredilmegine hem ýardam edildi.
Kömek etmek işine hytaý häkimiýetleri, kärhanalary, hökümeti däl guramalar we hususy adamlar gatnaşdy. Lukmanlaryň bellän harytlary olar tarapyndan dünýäniň dürli sebitlerine eltildi we halkara guramalaryň ygtyýaryna berildi.
Belläp geçsek, 7-nji iýunda Hytaýyň döwlet geňeşiniň maglumatlar býurosy “COVID-19 bilen göreş: Hytaý hereketde” atly Ak kitaby tanyşdyrdy. Hytaý Ak kitaby koronawirus pandemiýasy bilen göreş boýunça alnyp barlan çäreler barada gürrüň bermek, bu gurşawda beýleki döwletler bilen özüniň tejribesini paýlaşmak we özüniň pandemiýa bilen göreş konsepsiýasyny düşündirmek üçin neşir etdi.
Ak kitapda COVID-19 täze koronawirus infeksiýasyndan gutulan syrkawlaryň paýynyň Hytaýyň kontinental böleklerinde 94%-den ýokarlanandygy hem aýdylýar. 2020-nji ýylyň maý aýyndaky ýagdaý boýunça, Hytaýyň kontinental böleklerinde, umumylykda, COVID-19 bilen 83 017 kesel ýagdaýy hasaba alyndy, 78 307 keselli gutulandan soň hassahanadan çykaryldy, 4634 adam bolsa bu keselden ýogaldy.
Ak kitapda çökgünlik wagtynda ýurduň 1,4 milliard ýaşaýjysynyň “öz saglygyňy goramak diýmek, beýlekileri goramak we Watana peýdaly bolmak diýmekdir” diýen ýörelgä eýerip, Hytaýyň kommunistik partiýasyna we Hytaýyň hökümetine ynam bildirendikleri bellenilip geçilýär.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......