Germaniýa medeniýet pudagyny goldamak üçin 1 mlrd ýewro bölüp aýyrar

  • 09.06.2020 15:56
  • 2.9k+

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel koronawirus pandemiýasy sebäpli “GFR-iň taryhynda iň agyr” çökgünlige sezewar bolan ykdysadyýeti işjeňleşdirmek üçin 130 milliard ýewro möçberinde çäreler toplumyny maslahatlaşdy. Bu barada kulturomania.ru habar berýär. Bu serişdeler 2020-2021-nji ýyllar aralygynda pandemiýa sebäpli dargama derejesine ýeten pudagy goldamaklyga kömek etmeli.
Bu toplumdan 1 mlrd ýewrony medeniýet pudagyny goldamak üçin bölüp aýyrmak meýilleşdirilýär. Pul “Medeniýet üçin täze başlangyç” meýilnamasynyň çäklerinde ýaýradylar. 250 mln ýewro býujetden daşary medeniýet edaralaryna we başlangyçlara gönükdiriler, 450 mln ýewro saz, teatr we kino gurşawyndaky hususy taslamalara gider, 30 mln ýewro töweregi pul çeperçilik galereýalary we neşir edijiler üçin bölünip aýrylar, 150 mln ýewro bolsa sanly taslamalara sarp ediler. Medeniýet we sungat pudagyny goldamaklyga gönükdirilen ýene-de bir çäre — goşmaça baha salgytlaryň 19%-den 16%-e çenli peseldilmegi bolar.

şu gün 14:39
43

Tebigatda geçirilen birnäçe minut hem beýniniň ýagdaýyny üýtgedýär

Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi...

şu gün 11:08
2.3k+

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
576

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
3.1k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...