Türkmen-eýran serhedinde täze awtomobil köprüsi açyldy

  • 09.06.2020 14:58
  • 14k+

Türkmen-eýran serhedinde «Sarahs-Sarahs» barlag-gözegçilik nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi ulanyşa girizildi. Açylyş dabarasyna Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami gatnaşdy, diýip ORIENT agentligi IRNA agentligine salgylanyp habar berýär. Köpriniň uzynlygy 96 metre, ini – 15,1 metre barabardyr.
«Eýran-türkmen serhedindäki täze köprüden her günde müňe golaý ýük awtoulaglary geçer» diýip, Eslami duşenbe güni geçirilen açylyş dabarasynda belledi.
Eslaminiň bellemegine görä, täze Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesiniň ýokarlanmagyna getirer. Ol şeýle hem iki ýurduň umumy serhedinden demir ýol we awtomobil ulaglarynyň üstaşyr gatnawlarynyň hem ýakyn günlerde dikeldiljekdigini nygtady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......