Britaniýalylara elektromobiliň peýdasyna adaty awtodan ýüz öwrürmegi üçin 7600 dollardan tölärler

  • 08.06.2020 23:09
  • 7k+

Britan awtosöýüjileri adaty içinden otlanýan hereketlendirijili awtomobilden ýüz öwürseler, töleg alarlar. Bu barada car.ru habar berýär. Beýik Britaniýada ulag serişdeleriniň her bir eýesi ony elektrokara çalşyrmak kararyna gelse, 7,6 müň dollar alar. Ýurduň ýolbaşçylary ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin şeýle karara geldiler. Awtomobil gurşawy iň zyýan çeken gurşaw boldy, şonuň üçinem munda ýeňillikler köp döredildi.
Heniz täze çäre barada resmi taýdan habar berlenok, analitikler Beýik Britaniýanyň premýer-ministriniň muny ýakyn wagtda ýola goýmagyna garaşýarlar.
Häzirlikçe ýeňillikli şertleriň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl, şeýle-de awtolary goşmaça töleg bilen elektrokarlara çalşyryp biljek awtosöýüjileriň sany hem aýdylmady.
Awtomobil gurşawynyň hünärmenleri awtosöýüjilere berilýän täze goşmaça tölegiň diňe bir ykdysadyýeti dikeltmäge we pudagyň meselelerini çözmäge däl-de, eýsem ýerli öndürijileri goldamaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Mini we Jaguar ýaly brendler soňky iki aýda ýitirilen ýitgileriň öwezini dolup bilerler.
Şeýle-de, analitikler 15 ýyldan Beýik Britaniýanyň adaty awtomobillerden doly derejede ýüz öwrüp, elektromobillere geçjekdigini ýatlatdylar.
7,6 müň dollar möçberindäki goldama – bu bary-ýogy öňde goýlan maksada tarap ýoluň ilkinji ädimi. Bu oýlanylan meýilnamany durmuşa geçirmekde ýöne ýekeje mesele bar, ol hem infrastruktura. Şu nukdaýnazardan, hatda ösen ýurtda-da zarýad stansiýalarynyň ýeterlik sany ýok. Ýerli häkimleriň bu meseläni nähili çözjekdigi heniz düşnüksiz.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......