Ilon Mask SpaceX kompaniýasynyň esasy maksadyny aýtdy

  • 08.06.2020 22:41
  • 2.6k+

Amerikan biznesmeni Ilon Mask SpaceX kompaniýasynyň esasy maksadynyň Starship kosmiki gämini döretmekden ybaratdygyny aýtdy. Ol işgärleri Crew Dragon gämisiniň üstünlikli missiýasyndan soň arkaýynlaşmazlyga çagyrdy, bu barada CNBC telekanalyna salgylanmak bilen lenta.ru habar berýär.
Aýa we Marsa uçmak maksady bilen Starship gämisini döretmek üçin “çalt we derrew” hereket etmek gerek diýlip, kompaniýanyň žurnalistleriň eline düşen korporatiw ýollanmasynda aýdylýar. “Haýyş edýärin, SpaceX üçin birinji orunda Starship kosmiki gämisiniň durýandygyny göz öňünde tutuň” – diýip, Mask işgärlere iberen elektron hatynda belleýär.
SpaceX kompaniýasynda sekiz müň töweregi işgär hasaba alynýar, olaryň esasy bölegi Los-Anjelesdäki ştab-kwartirada ýa-da Kanaweral burnundaky obýektlerde bolýarlar, ýöne käbirleri Boka-Çika (Tehas) obasynyň golaýyndaky hususy kosmodromda işleýär. “Göçmek mümkinçiligini göz öňünde tutýanlar üçin biz hemişe ýörite uçar hödürläris” – diýip, Mask işgärleri ady agzalan kosmodroma golaý göçmäge çagyrmak bilen ýazýar.
CNBC telekanalynyň maglumatlary boýunça, ýylyň birinji ýarymynda SpaceX-iň bahasy, takmynan, 36 milliard dollara çenli ýokarlandy. 2019-njy ýylyň başyndan bäri hususy kompaniýa 1,7 milliard dollar möçberde maýa goýumy özüne çekmegi başardy, bu serişdäniň bir bölegi köp gezeklik kosmiki enjamy döretmek boýunça taslamanyň ösdürilmegine gönükdiriler. Maý aýynyň ahyrynda kompaniýanyň Starship SN4 üçünji prototipiniň synagy şowsuz tamamlandy, synag wagtynda ýangyç akdy, netijede gämi ýaryldy.
Öň, SpaceX NASA-dan adamlary kosmosa eltmek üçin Crew Dragon kosmiki kapsulyny gaýtadan ulanmaklyga rugsat aldy. 31-nji maýda Floridadaky Jon Fisjerald Kennedi adyndaky kosmiki merkeziň territoriýasynda 39-njy badalga alyş toplumyndan Halkara kosmiki stansiýa ugran Crew Dragon ekipažy HKS-na üstünlikli geçdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......