Braziliýanyň prezidenti BSGG-den çykjakdygy bilen gorkuzdy

  • 06.06.2020 22:38
  • 4k+

Braziliýa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili Margaret Harris koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çäklendirmeleri aýyrmak bilen howlugandyklaryny duýduranyndan soň, guramadan çykmak meselesini gözden geçirip biler. Bu barada ýurduň prezidenti Žair Bolsonaru habar edýär, muny iz.ru ýetirýär.
Döwlet ýolbaşçysy BSSG “guramaçylyksyz ykdysady gurama” bolmagyny bes etmese, onda guramadan çykmak baradaky meseläni gözden geçirjekdigini belledi.
“Men Size edil häzir aýdýaryn, Birleşen Ştatlar BSGG-den gitdi, biz hem muny (bu mümkinçiligi) gelejekde göz öňünde tutýarys. Ýa-ha BSGG ideologiki esassyz işleýär, bolmasa biz hem gidýäris. Bize daşyndan adamlaryň gelip, saglygy goraýyş çäginde näme etmelidigini görkezmekleri gerek däl” – diýip, prezident belleýär.
Öň, Harris Ženewadaky press-konferensiýada Braziliýada sosial aradaşlygy gowşatmak baradaky soraga jogap bermek bilen, çäklendirmeleri aýyrmak üçin esasy ölçegiň infeksiýanyň geçmeginiň gowşamasy bolup durýandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Latyn Amerikasyndaky kesel ýaýrawy “çuňňur alada” goýýar. Prezident COVID-19 adaty dümew wirusyndan gaty howply däl we ol ýurtda karantin çäreleriniň girizilmegine garşy çykýar diýip hasaplaýar.
Soňky maglumatlar boýunça, ýurtda kesel ýagdaýynyň sany 600 müňden geçdi, bir gije-gündizde 1 müň 437 ölüm hasaba alyndy. Ýurtda pandemiýa ýüze çykanyndan bäri koronawirusdan jemi 34 müň adam ýogaldy.
Ýatladyp geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 29-njy maýda ýurduň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen aragatnaşygy bes edýändigini habar berdi. Sebäp hökmünde ol guramanyň amerikan lideriniň BSGG-den talap eden reformalaryny geçirmekden boýun gaçyrandygyny aýtdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......