Tramp koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleri aýyrmagyň zerurlygyny aýtdy

  • 06.06.2020 19:34
  • 8.8k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda COVID-19 koronawirusy sebäpli girizilen çäklendirmeleri aýyrmagyň wagtynyň gelendigini aýtdy. Bu barada kommersant.ru habar berýär. “Biz öňki ýagdaýymyza dolanýarys, biz ýurdy açýarys” – diýip, Tramp aýdýar. Onuň pikiriçe, Birleşen Ştatlar pandemiýa döwrüni geçirdi. Ol birnäçe ştatlaryň häzire çenli berk çäklendirmeleri saklaýan gubernatorlaryny tankytlady.
“Men olaryň näme üçin ýapylmagyny dowam etdirýändigini bilemok. Biz bu zatlaryň ählisini tamamlamak isleýäris” – diýip, Tramp metbugat maslahatynda aýdýar. Ol Jorjiýanyň, Günorta Karolinanyň, Floridanyň we beýleki birnäçe ýerleriň eýýäm açylandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň ykdysadyýetine geljek birnäçe aýda ösüş garaşýandygyny aýtdy. “Meniň pikirimçe, bize örän gowy awgust, örän gowy iýul we üýtgeşik sentýabr garaşýar... we indiki ýyl hem biziň ykdysady meýilnamamyzda bolan iň gowy ýyllaryň biri bolar”. Donald Tramp işsizligiň derejesiniň aprel aýynda 13,3%-e çenli peselendigini hem nygtap geçdi.
Mundan başga-da, Tramp ABŞ-nyň kompaniýalarynyň koronawirusa garşy sanjym döretmek işinde “uly üstünliklere” ýetendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, 2 mln doza eýýäm iberilmäge taýýar, bu iş hem sanjym howpsuzlyk üçin barlagdan geçeninden soň amala aşyrylar. COVID-19-a garşy sanjymlary we dermanlary döretmegiň üstünde ýedi-sekiz kompaniýa üstünlikli zähmet çekýär.
ABŞ-da soňky wagt koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň sany azalýar. Ýurtda 1,9 mln kesel ýagdaýy hasaba alyndy, 485 müň adam sagaldy, 108 müň adam ýogaldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......