Awtoulagsyz gün Aşgabatda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy: sanlar we maglumatlar

  • 04.06.2020 23:07
  • 8.9k+

3-nji iýunda ýurdumyzyň baş şäherinde sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglarynda hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre gözel paýtagtymyza awtoulag serişdeleriniň köpsanlysyndan wagtlaýynça «dynç almaga», awtoulaglaryň çykarýan zyňyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Hünärmenler Aşgabat şäherindäki bäş sany hemişelik we göçme gözegçilik nokadyndan howa nusgalyklaryny alyp, onuň düzümine barlag işlerini geçirdiler.
Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi.
Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......