Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi

  • 03.06.2020 22:10
  • 5.5k+

Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda giňden bellenilip geçilen Bütindünýä welosiped gününde paýtagtymyzyň günortasynda «Welosiped» binasynyň açylyş dabarasy boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy köpçülikleýin welosipedli ýörişlere we dürli sport çärelerine badalga boldy.
12 kilometrlik köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabadyň merkezinde Döwlet münberiniň öňünde tamamlandy.
Ýatladyp geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyrylypdy. «Bütindünýä welosiped güni» Rezolýusiýasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş edip, resminama 198 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
2021-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmen paýtagty trek welosport boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek Aziýa yklymyndaky üçünji şäherdir. Öň bu ýaryşlar Ýaponiýanyň Maebasi we Hytaýyň Gonkong şäherlerinde geçirildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......