Hytaý koronawirusyň gelip çykyşy barada täze pikiri tassyklady

  • 02.06.2020 22:33
  • 16k+

Hytaýyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň müdiri Gao Fu koronawirusyň gelip çykyşy barada täze pikiri tassyklady, oňa laýyklykda bu kesel Hytaýyň Uhan şäheriniň bazarynda ýüze çykmady. Bu barada Trend “Lenta.ru” salgylanmak bilen habar berýär.
“Ilkibaşda biz deňiz önümleriniň bazarynda wirus döräp biler diýip çaklapdyk” – diýip, ol aýdýar. Gao bazarda alnan haýwanlaryň analizinde wirusyň yzynyň ýokdugyny düşündirdi. Ýöne olar beýleki birnäçe nusgalarda, şol sanda akýan hapa suwuň nusgasynda ýüze çykaryldy. Şeýlelik bilen, ol wirus Uhan bazarynda “ýüze çykmazyndan birnäçe wagt öň hereket edipdir” diýip çak etdi.
Mundan başga-da, Gao täze görnüşli koronawirusyň adamlara geçip bilýän beýleki wiruslaryň arasynda ýedinjidigini belledi. “Ýöne bu wirusyň özüni alyp barşy beýlekilere meňzeş däl” – diýip, ol aýdýar.
29-njy martda Hytaýyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça merkeziniň alymlary koronawirusyň Uhanyň deňiz önümleri bazarynda ýüze çykandygy baradaky pikiri ýalana çykardylar. Olar keseliň ilkinji çeşmeleri hasaplanan ýerlerden nusgalary barlagdan geçirdiler we infeksiýanyň yzyny tapmadylar. Muňa garamazdan, wirusyň adama ýarganatlardan geçendigi baradaky pikir bolsa tassyklanyldy.
Soňky maglumatlar boýunça, dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 milliondan gowrak, olaryň 369 müňden gowragy ýogalan, 2,5 milliondan gowragy sagalan. Täze görnüşli koronawirusyň ýüze çykaran COVID-19 pandemiýasynyň ýaýrawy ilkinji gezek Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň dekabrynda bellige alyndy. 11-nji martda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýagdaýy pandemiýa hökmünde häsiýetlendirip boljakdygyny yglan etdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......