3-nji iýunda Türkmenistan boýunça awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

  • 02.06.2020 22:04
  • 14k+

3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçiler. Bu senä bagyşlanyp Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçiriler. Welosiped ýörişleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin paýtagtyň hem-de welaýat merkezleriniň köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler, diýip Turkmenportal agentligi habar berýär.
3-nji iýunda ir sagat 06:00-dan 18:00-a çenli aralygynda ýurduň welaýat merkezlerinde hem-de paýtagtyň “Arkaç” gözegçilik nokadyndan günbatarlygyna, “Saýat” gözegçilik nokadyndan gündogarlygyna, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň günortasyndaky “Ak bugdaý” aýlawçasyndan günbatarlygyna hem-de demirgazyklygyna, şeýle-de paýtagtyň Atamyrat Nyýazow — Halkalaýyn köçesinden günortalygyna hem-de Gurbansoltan eje şaýolynyň ugrunda ýerleşýän, Gurtly ýaşaýyş toplumynyň ýol yşygyndan gündogarlygyna hem-de Köpetdag şaýolunyň ugrunyň — Ýanbaş ýaşaýyş toplumynyň çykalgasyndaky yza öwrülýän kesişmesinden gündogarlygyna paýtagtyň köçeleriniň ýokarda görkezilen wagt aralygynda çäklendirilýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy paýtagtyň we welaýat merkezleriniň köçelerinde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi sebäpli, hususy ulaglary awtoduralgalarda goýmalydygyny hem-de hereketi diňe welosipedler ýa-da jemgyýetçilik ýolagçy awtoulaglary arkaly amala aşyrmalydygy barada ýatladýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......