Aşgabatda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka geçirilýär

  • 01.06.2020 11:48
  • 3k+

31-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
Söwda-senagat edarasynda guralan şu gezekki sergi-ýarmarkanyň çäklerinde diňe bir haly önümleri däl, eýsem, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar-- gymmatlyklaryň 120-den gowragy görkezildi. Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki sergide muzeý gymmatlyklary we çeper elli halyçylaryň dokan häzirki zaman halylary görkezildi. Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylyk kärhanalarynyň işgärlerini sarpalamak çäresi boldy.
Sergi-ýarmarka we maslahat şu gün hem öz işini dowam edýär.

şu gün 11:08
277

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
520

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
2.9k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...

düýn 19:39
4.8k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...