Ilkinji hususy älem gämisi orbita uçuryldy

  • 31.05.2020 18:33
  • 6.4k+

SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon älem gämisi Kanaweral burnundaky kosmodromdan üstünlikli uçurylyp, hasap orbitasyna çykdy. Bu barada Euronews agentligi habar berýär. Gäminiň bortunda astronawtlar — Duglas Hörli we Robert Benken bar. Älem gämisini uçurmak boýunça deslapky synanyşyk anna güni howa şertleri zerarly yza süýşürilipdi.
Bu waka soňky 9 ýylda ilkinji amerikan gämisiniň ilkinji uçuşydyr: soňky gezek 2011-nji ýylyň iýulynda «Atlantis» şattly uçuşy amala aşyrypdy. Şeýle hem bu gämi hususy älem kompaniýasynyň taryhda ilkinji amala aşyran uçuşydyr.
Häzirki wagtda ekipažlary HKS (halkara kosmos stansiýasyna) eltmek üçin rus «Soýuz» gämileri peýdalanylýar. NASA aýtmagyna görä, «Dregonyň» uçurylmagy bir ýarym esse arzan düşer. Şeýle hem amerikan gämisi bortuna ýedi adam alyp bilýär.
«Dregon» HKS-e ýekşenbe güni agşam baryp birikmeli.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......