Merkel G7 sammitine baryp gatnaşmakdan boýun gaçyrdy

  • 30.05.2020 22:51
  • 3.2k+

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň G7 sammitine ýüzleşdirilen formatda gatnaşmak bilen bagly iberen çakylygyndan boýun gaçyrdy. Bu barada Politico neşirine salgylanmak bilen Interfax habar berýär.
“Federal kansleri prezident Trampyň iýunyň ahyrynda Waşingtonda G7 sammitine çakylygy üçin minnetdarlyk bildirýär. Häzirki günde pandemiýa bilen umumy ýagdaýy göz öňünde tutup, ol Waşingtona gitmeklik hem-de hut özüniň gatnaşmagy bilen razylaşyp bilmeýär” – diýip, Germaniýa hökümetiniň resmi wekili Şteffen Zaýbert neşire habar berdi. Ol “onuň, elbetde, pandemiýanyň ösüşini gözegçilikde saklajakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.
“Politico” Merkeliň Trampyň çakylygyndan boýun gaçyrmagynyň iki lideriň arasyndaky gatnaşyklaryň kyndygyny ýene bir gezek görkezdi diýip ýazýar. Tramp birnäçe gezek Germaniýany we hut Merkeliň özüni Berliniň söwda deňagramlylygynyň oňyn saldosy we onuň goranmak ulgamyna çykdajylary ýaly meseler boýunça tankytlady. Merkel hem öz tarapyndan Trampyň edarasynyň daşary syýasat meseleleriniň tutuş bir toparyna – howa şertleriniň üýtgemeginden Eýranyň ýadro şertnamasyna çenli – birtaraplaýyn çemeleşmesine närazylygyny bildirdi.
Şu hepdede Merkel bilen Trampyň arasyndaky gepleşikde iki liderde NATO, “Demirgazyk akymy-2” gaz geçirijisi we Hytaý bilen gatnaşyk ýaly temalar boýunça-da gapma-garşylyk ýüze çykdy diýip, neşir ýokary wezipeli amerikan çinownigine salgylanmak bilen ýazýar.
Öň, amerikan lideri G7 ýurtlarynyň liderleriniň mart aýyna bellenilen duşuşygyny ýatyrdy we oňa derek wideokonferensiýany geçirmäge wada berdi. Waşington şu hepde sammiti iýunyň ahyrynda Kemp-Dewidde däl-de, Waşingtonda geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu sammit, Trampyň pikiriçe, ABŞ-ny kadaly durmuşa dolamagyň we ýurduň koronawirusa garşy göreşde üstünligini görkezmegiň nyşany bolmaly.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......