«Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleri 22-27-nji iýunda jemleniler

  • 30.05.2020 14:13
  • 5k+

22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek «Medeniýet hepdeliginiň» çäklerinde edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemleniler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ýörite döredilen toparyň agzalary «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň dürli ugurlar boýunça türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan ukyply we zehinli döredijilik işgärleriniň iň oňat işlerini saýlap alýar.
Şeýle hem mejlisiň barşynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna şu ýylyň iýul aýyndan başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berildi.

şu gün 11:08
41

Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy...

düýn 20:39
520

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

düýn 20:33
2.8k+

Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär...

düýn 19:39
4.8k+

Türkmenistanda Nowruz baýramy günlerinde goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar

21-22-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda ýolagçylar üçin goşmaça awtobus gatnawlary guralar. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ baýramçylyk günlerinde ýolagçy islegleriniň artmagyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerine goşmaça şäherara gatnawlarynyň işe giriziljekdigini habar berdi...