3-nji iýunda Aşgabat şäherinde «Welosiped» binasy açylar

  • 30.05.2020 14:10
  • 7.8k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenýän 2020-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabat şäherinde «Welosiped» binasy açylar. Şeýle hem bu gün bedenterbiýe-sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde milli däplerimizi dowam etdirip, biz raýatlarymyzyň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän welosiped sportuny hem ösdürýäris. Sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmak, welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa, Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanýandygyna şaýatlyk edýär.

düýn 23:46
1k+

«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy...

düýn 20:11
1.2k+

Beýik Britaniýa iOS we Android ulgamlaryna ulanyjynyň ýaşyny barlaýan funksiýany ornaşdyrmagy teklip edýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri tehnologiýa kompaniýalaryna ýüzlenip, iOS we Android ýaly mobil operasion ulgamlaryna has şahsy mazmunly suratlary awtomatik bloklaýan algoritmleri başlangyç sazlamalar hökmünde ornaşdyrmagy teklip etdiler...

düýn 19:15
3.9k+

Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär

Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy...

düýn 15:28
2.4k+

Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy

Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar...