GDA-nyň hökümet Baştutanlary koronawirus pandemiýasyna garşy göreş meselesini maslahatlaşdy

  • 29.05.2020 22:56
  • 4.8k+

29-njy maýda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň barşynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna degişli ykdysadyýet, ulag, energetika, ynsanperwer-medeni ulgam, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar we beýleki birnäçe ulgamlarda meseleleriň giň toplumyna garaldy.
Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.
Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda we geljekde hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini öz içine alýar. Şolaryň hatarynda GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri has möhümdir.
Mejlisiň barşynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek meselesi boýunça ýurdumyzyň garaýşy hem beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokanjyň ýaýramagynyň öz wagtynda we netijei öňüni almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täsirli gurallaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Hususan-da, gürrüň GDA döwletleriniň arasyndaky serhetlerde sanitar-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak barada barýar.
Ýurdumyz ýakyn wagtlarda COVID-19-a garşy göreş boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňa BSGG-niň Ženewadaky merkezi edarasynyň ýolbaşçylaryny çagyrmak bilen, GDA ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek hakynda pikir etmegi teklip edýär.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......