Xiaomi adamyň beýnisini kompýutere birikdirmegi meýilleşdirýär

  • 27.05.2020 23:09
  • 4.2k+

Xiaomi hytaý elektronika öndürijisiniň bölünip aýrylan kompaniýasy hasaplanylýan Huami adam beýnisini öwrenmek boýunça barlaghananyň döredilendigi barada habar berdi. Täze barlaghananyň esasy wezipesi beýni bilen kompýuteriň arasyndaky mümkin bolan arabaglanyşygy derňew etmekden ybarat. Muny planet-today.ru ýetirýär.
Beýnini we emeli intellekti öwrenmek boýunça barlaghana Hytaýyň Ylmy-tehniki uniwersitetiniň alymlary bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Barlaghananyň işgärleri hem inwaziw, hem inwaziw däl eksperimentleri geçirer, onuň çäginde adamyň beýnisini kompýuter interfeýsine birikdirmek mümkinçilikleri seljeriler. Şeýle tejribeler täze tehnologiýaly düýpli integrasiýa esaslanan täze nesliň saglygy goraýyş modelini döretmäge mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar. Hünärmenler gerek bolan maglumatlary almak üçin beýnini kompýutere birikdirerler. Ýöne ilkibaşda ähli eksperimentler barlaghana haýwanlarynda geçiriler.
Barlaghananyň işiniň birinji tapgyrynda garaguş keseliniň anyk markerlerini ýüze çykarmaga gönükdirilen derňewler alnyp barylar. Alymlar keseli doly anyklamak üçin enjam hem-de täze terapewtiki serişdeleri döretmegi meýilleşdirýärler.
Geljekde barlaghananyň işgärleri beýni - kompýuter görnüş interfeýsinde doly derejede ünsi jemlärler. Barlaghananyň wekilleri bu barlaghananyň innowasiýa üçin ýer boljakdygyny, onuň esasynda bolsa aspirantlar üçin okuwlaryň alnyp baryljakdygyny hem-de dürli patentleriň bellige alynjakdygyny habar berdiler.
Ýatladyp geçsek, öň şeýle interfeýsi beýnä ornaşdyrmak üçin çipleri taýýarlaýan Neuralink kompaniýasyny esaslandyran amerikan telekeçisi Ilon Mask anons etdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......