iPhone 11 2020-nji ýylyň başynda iň meşhur smartfon boldy

  • 27.05.2020 23:03
  • 4.5k+

Analitikler şu ýylyň birinji maliýe çärýeginiň jemini jemlediler. Bu barada abnews.ru habar berýär. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň iň meşhur smartfony iPhone 11 boldy. Apple amerikan korporasiýasy koronawirus pandemiýasy döwründe bu modeliň 19,5 million sanysyny satmagy başardy. Şeýle görkeziji bilen model 2020-nji ýylyň başynda iň köp satylýan smartfon hem boldy. Omdia kompaniýasynyň smartfonlaryň derňewi boýunça ugrunyň müdiri Apple kompaniýasynyň üstünliginiň syry programmalaryň çäklidiginde diýip belleýär. Kompaniýa bäsdeşleriniň fonunda kän gurluş satmaýar, şonuň üçin oňa iň gowularyň sanawyna goşulmak aňsat bolýar.
Üstünligiň başga bir sebäbi-de bar. iPhone 11 – XR-iň yzyny dowam etdiriji. Bularyň ikisi hem dünýäde iň meşhur smartfon boldy. Munuň syry bolsa Apple kompaniýasynyň ulanyjylary gowy bilýändigindedir. Bu oňa bazaryň trendine eýermän, smartfonlary meşhur etmäge mümkinçilik berýär.
Omdia analitikleriniň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň başynda iň meşhur smartfonlaryň reýtinginiň ikinji ornunda Samsung Galaxy A51 ýerleşdi. Onuň üpjünçiliginiň göwrümi 6,8 million smartfona barabar boldy. Üçlügi Xiaomi Redmi Note 8 jemleýär, bu modelden 6,6 mln sanysy satyldy.
Reýtingiň yzyny Redmi Note 8 Pro (6,1 mln sany) dowam etdirýär. Bäşinji orunda 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde lider bolmagy başaran iPhone XR ýerleşdi. Onuň netijesi 4,7 mln smartfona barabar boldy. iPhone 11 Pro we iPhone 11 Pro Max modelleriniň görkezijileri barada aýtsak, olar 3,8 we 4,2 mln smartfona barabardyr.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......