BSGG Hytaýa koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin topar iberer

  • 27.05.2020 22:48
  • 4k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek maksady bilen Hytaýa missiýa iberer. Bu barada saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaý boýunça BSGG-niň meýilnamasynyň müdiri Maýkl Raýan habar etdi. Bu barada iz.ru belläp geçýär.
“Biz Hytaýdaky kärdeşlerimiz bilen maslahatlaşmak işini alyp barýarys. Meniň düşünişime görä, ylmy missiýanyň anyk senesi heniz belli edilenok. Ýöne biz dürli ýurtlaryň ylmy wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle missiýany geçirmek işiniň tiz mümkin bolmagyna garaşýarys” – diýip, guramanyň Twitterinde onuň sözi getirilýär.
Raýanyň aýtmagyna görä, missiýanyň wezipesi “koronawirusyň gelip çykyşyna düşünmekde” jemlener. Ol Hytaýyň şeýle çemeleşme üçin açykdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
BSGG-niň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus şeýle derňewi geçirmek bilen ähli taraplaryň gyzyklanýandygyny belledi. “Sebäbi wirusyň gelip çykyşyny öwrenmek bilen, biz onuň geljekde ýüze çykmasynyň öňüni alarys” – diýip, Gebreýesus belleýär.
Maý aýynyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň Uhan şäheriniň barlaghanasynda döredilendigi baradaky maglumata eýedigini habar berdi. “Her hili geň ýagdaýlar bolup geçýär, ýöne köp sany derňewler geçirilýär. Biz hem muny anyklamakçy bolýarys” – diýip, amerikan lideri aýdýar. Öz nobatynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Waşingtonda wirusyň emeli gelip çykyşyna “uly subutnamanyň” bardygyny habar berdi.
Şonuň bilen birlikde amerikan alymlary barlaghana şertlerinde COVID-19-y döredýän SARS-CoV-2 koronawirusyň döredilendigi baradaky pikirleri ýalana çykardylar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......