SpaceX ilkinji astronawtlaryny kosmosa goýberer

  • 27.05.2020 22:39
  • 1.4k+

SpaceX kompaniýasy özüniň ilkinji astronawtlaryny Crew Dragon gämisinde 27-nji maýda uçurar. Bu barada popmech.ru habar berýär.
NASA-nyň astronawtlary Robert Benken (49 ýaş) we Daglas Harli (53 ýaş) geçen hepde taýýarlanma işiniň soňky tapgyryny tamamladylar. 27-nji maýda goýberilişik NASA-nyň şatlynyň 2011-nji ýyldaky iň soňky uçuşyndan bäri astronawtlaryň Kennedi kosmodromyndan ilkinji iberilişigi bolar. 2 minut 33 sekuntdan soň birinji basgançagyny, şundan 10 minutdan soň ikinji basgançagyny aýyrmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem bu uçuş hususy kompaniýanyň astronawtlary orbita ibermekde ilkinji synanyşygy bolar. Mundan öň kosmiki missiýalar Russiýa, ABŞ we Hytaý ýaly döwletler tarapyndan alnyp barylýardy.
Hususy kosmiki enjamlary taýýarlamak işine gönükdirilen söwda ekipažlarynyň meýilnamasy birnäçe ýyl mundan öň başlandy. Tramp munda kosmosda hem harby, hem raýat amerikan agalygyny dikeltmek mümkinçiligini görýär. SpaceX bilen hyzmatdaşlyk edip başlanyndan bäri NASA Ilon Maskyň kompaniýasyna kosmiki enjamlaryň gurluşygy üçin $3 milliarddan gowrak berdi.
Emma berk özara gatnaşyga garamazdan, SpaceX öz ýolundan gidýär we bu işi ýerlikli ýerine ýetirýär. Ilon Mask uçuşyň guramaçylygyny hem özüniň gözegçilik astyna aldy: hatda uçuş meýdançasyna-da astronawtlary Tesla kärhanasynyň elektromobilinde, ýagny Tesla Model X-de elterler. Şeýle-de, astronawtlar hususy eşige eýe bolarlar.
Uçuş 27-nji maýda Gündogar kenarýakasynyň wagty boýunça sagat 16:33-e (Moskwa sagady boýunça 28-nji maý, 0:33) meýilleşdirilen. Onuň goýberilişine prezident Donald Trampyň özüniň hem gelmegine garaşylýar, uçuşy görmäge isleg bildirýänler ony NASA-nyň we SpaceX-iň saýtlarynda onlaýn görnüşde görüp bilerler.
Aeronawtika we kosmiki giňişligini derňewden geçirmek boýunça Milli edarasynyň (NASA) öz saýtynda habar bermegine görä, gämi orbitada 100 gije-gündiz töweregi saklanmaga ukyply, ýöne häzirki uçuşyň dowamlylygy gijräk kesgitlener.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......