Kaliforniýada stadionlary täze awtomobiller üçin ammarlara öwürdiler

  • 23.05.2020 23:26
  • 10k+

Kaliforniýanyň “Enjel” we “Dojer” stadionlaryny, şeýle-de Santa Anita aýlawyny alynmadyk täze awtomobiller üçin ammarlara öwürdiler, bu barada “Los Angeles Times” neşirine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Koronawirus pandemiýasy Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine düýpli urgy urdy, esasanam, syýahatçylyk gurşawy zyýan çekdi. Adamlar indi syýahat edip bilenoklar, şonuň üçin ýüz müňlerçe kireýne berilýän ulaglar alynman galdy.
Sport meýdançalaryna Toyota kompaniýasynyň awtosalonda goýulmadyk täze ulaglary, şeýle-de kireýne berilýän awtomobiller daşalýar. Stadionlar ammar hökmünde saýlanylan, sebäbi ýurtda koronawirus ýaýrawy sebäpli ähli sport çäreleri ýatyryldy. Toyota kompaniýasy Long-Biç portunyň öňündäki ýerleri kärendesine almak kararyna geldi. Bu ýerde Los-Anjelese eltilen, ýöne hereket edýän çäklendiriji çäreler sebäpli dilerlere ýetirilmedik ulaglar ýerleşdirildi.
Dowam edýän çökgünlik sebäpli awtosalonlar ýapyk bolmagynda galýar, port meýdançalary bolsa eýýäm doly, şonuň üçin ýapon awtoöndürijisi wagtlaýyn ammar hökmünde stadionlaryň öňündäki ýerleri kärendesine aldy. ABŞ-da täze awtomobilleriň satuwy hem pese gaçdy, bu bolsa dürli ýerlerde üýşýän ulaglaryň artykmaçlygyny emele getirdi.
Ýatladyp geçsek, bortunda iki müň sany Nissan we Infiniti awtomobilleri bolan ýük gämisi bir hepdeläp Los-Anjelesiň kenarynda hereket etmeli boldy, sebäbi port ýüki kabul edip bilmedi. Ähli ammarlar doludy we täze ulaglary ýerleşdirmäge ýer ýokdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......