Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 19.05.2020 23:49
  • 4.2k+

19-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we «Soňky jaň» dabarasyna hem-de beýleki şanly senelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, Bütindünýä welosiped gününi ýokary derejede geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny guramaçylykly geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretmek, uly adamlaryň we çagalaryň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramak boýunça işleri güýçlendirmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän suw-sport toplumlarynda, ýüzülýän howuzlarda, şol sanda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň kenarlarynda dynç alyş üçin döwrebap şertleri döretmegiň zerurdygy barada tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda şeýle hem welaýat häkimleri oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda kadaly gögeriş gazanylan meýdanda gowaçany ýekelemek, 1-nji hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, otag işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça görülýän çäreler, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sebitiň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada hasabat berdiler.

düýn 07:34
6.6k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.4k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

31.05.2026 13:10
7k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
8.4k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......