Hytaý koronawirusdan zyýan çeken ýurtlara $2 mlrd berer

  • 19.05.2020 22:56
  • 8.5k+

Hytaý geljek iki ýylyň içinde koronawirusdan zyýan çeken ýurtlara $2 mlrd möçberde kömek berer diýip, HHR-iň başlygy Si Szinpin saglygy goraýyşyň Bütindünýä assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň açylyşynda çykyş etmek bilen mälim etdi. Bu barada vedomosti.ru habar berýär. Şeýle etmek bilen Hytaý COVID-19 bilen göreşde halkara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak isleýär.
Lideriň aýtmagyna görä, gürrüň ilkinji nobatda, “ösüp barýan döwletler” barada gidýär. Pekin BMG bilen hyzmatdaşlykda Hytaýyň territoriýasynda epidemiýa garşy serişdeleriň ýola goýulmasyny üpjün etmek üçin bütindünýä ynsanperwer ammaryny döreder. Olary äkitmek üçin “ýaşyl gümrük geçelgesi” gurnalar. Koronawirusa garşy taýýarlanylan hytaý sanjymlary tutuş dünýä boýunça elýeterli bolar diýip, Szinpin belleýär. Häzirki wagtda Hytaý eýýäm COVID-19-a garşy bäş görnüşli sanjymyň kliniki synaglaryny alyp barýar. Iň bir ynandyryjylykly maglumatlara laýyklykda, olar bazarda indiki ýylyň mart-iýun aýlarynda peýda bolar.
Ol ýurduň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna koronawirus keseliniň Hytaýda ýaýraýşy barada gerekli möçberde we üýtgewsiz aýdyň görnüşde maglumatlary ýetirendigini hem nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, adamzat şeýle görnüşli meseleler bilen ýene çaknyşyp biler. “Saglygy goraýyşyň bütindünýä ulgamyny hökman kämilleşdirmeli, jemgyýetiň saglygyny goramagyň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlara jogap berijiligiň tizligini ýokarlandyrmaly, dünýä we sebit ölçeginde epidemiýa garşy serişdeleriň ätiýaç merkezlerini döretmeli” – diýip, hytaý lideri aýdýar.
Belläp geçsek, koronawirus sebäpli HHR-iň jemi içerki önümi birinji çärýekde 6,8% kemeldi, býujet girdejileri 14,3% pese gaçdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......