Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy ABŞ-nyň iri kompaniýalarynda paýnamalar satyn aldy

  • 18.05.2020 22:45
  • 4.9k+

Saud Arabystanynyň hökümeti iri amerikan korporasiýalarynyň paýnamalaryny satyn aldylar. Degişli maglumat gymmatly kagyzlar we birža boýunça amerikan komissiýasyndan alyndy.
Eýeçilik paýy Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy tarapyndan satyn alyndy. Bu ýagdaý pandemiýa sebäpli bu kompaniýalaryň paýnamalaryna baha kesilmeginiň pese düşmegi esasynda bolup geçdi.
Şeýlelikde, saud hökümeti Boeing kompaniýasynyň $713,7 milllion möçberdäki paýnamasyny, Citigroup bankynyň $522 million möçberdäki we şol möçberde Facebook kompaniýasynyň paýnamasyny, Disney kompaniýasynyň $495,8 million möçberdäki paýnamasyny, Bank of America bankynyň $487,6 million möçberdäki paýnamasyny satyn aldy.
Şeýle-de, saudlar Uorren Baffete degişli bolan Berkshire Hathaway fondunyň hem paýnamalar toplumyny satyn aldylar.
Regnum agentliginiň öň habar bermegine görä, saud Garaşsyz gaznasy bir aý mundan öň Ýewropanyň dört sany iri nebit kompaniýalarynyň bir milliard dollar möçberdäki paýnamasyny satyn aldy. Ýagny, gazna birnäçe hepdäniň içinde Norwegiýanyň Equinor, Royal Dutch Shell iňlis-golland kompaniýasynyň, Total fransuz nebit kompaniýasynyň we Eni italýan kompaniýasynyň paýnamalaryny satyn aldy.

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.9k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.8k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.1k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......